1-njimaý

Türkmenistanyň Prezidenti BMG-niň Baş sekretaryny doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe 75 ýaş toýy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi. “Siziň parahatçylygy berkitmäge, ählumumy howpsuzlygy üpjün etmäge, ähli ýurtlaryň durnukly we ýokary depginlerde ösmegi üçin şertleri döretmäge gönükdirilen halkara işiňiz uly hormata mynasypdyr” diýip Türkmenistanyň döwlet Baştutany gutlag hatynda belledi hem-de ýurduň Birleşen Milletler Guramasy bilen ýakyndan hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady. Türkmenistanyň Prezidenti pursatdan peýdalanyp, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe berk jan saglyk, bagtyýarlyk, ähli başlangyçlarynda uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe 75 ýaş toýy mynasybetli gutlady.