“Derýaýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň ýerine ýetirýän hyzmatlary:

1


kärände bermek hyzmatlary.


Türkmenabat ulanyş bölümi.

Suw ulag hyzmatlary

Amyderýanyň ütünde dürlü hili suw ulag hyzmatlaryny ýerine ýetirmägä, ýagny derýa gämileri arkaly gaýry edara kärhanalaryň ,ilatyň sargytlaryna görä Amyderýa, Garagumderýa arkaly halk hojalyk ýüklerini daşamaga, läbik sorujylar arkaly çuňladyş, hana göneldiş we gyrmançaklardan arassalaýyş işlerini geçirmäge mümkinçilikleri bar.

Suw ulag hyzmatlary

Lebap welaýatynyň häkiminiň 2017-nji ýylyň noýabr aýynyň 14-ndäki № 190 B karary bilen döredilen, gurluşugy tamamlanan desgalary kabul etmek barada döwlet kabul ediş toparynyň 2-nji belgili delilnamasy esasynda “Pelwert-Mekan” SÜPG-si kabul edilip ulanyşa goýberildi. “Pelwert-Mekan” SÜPG-si pyýada we dürlü hili ulaglar bilen howpsuz geçirmek işleri ýola goýlandyr. Bu ajaýyp suw üsti panton geçelgesi Halaç we Hojambaz etraplarynyň arasynda ýerleşip, ilata hyzmat etmekde, döwlet möçberinde halk hojalyk,gurluşuk we beýleki ýükleri geçirmekde uly orun eýeleýär.

Suw ulag hyzmatlary

“WATAN” ýolagçy gämisi arkaly sargytlara görä suw howdanynda mart-noýabr aýlarynda gezelenç işleri gurnalýar.

Derýa çägäsi

“Derýaýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň Türkmenabat ulanyş bölüminiň çäge ambarynda çuňaldyş, hana göneldiş işleriniň netijesinde, ýygnalan derýa çägäsini gaýry edaralara, telekeçilere, hususy kärhanalara, ilata ýurdumyzyň islendik çägine demir ýol arkaly äkitmäge mukinçiliklerimiz bar. Türkmenabat şäheriniň ýakyn çäklerine awtoulag arkaly eltip berme hyzmatlary ýola goýlan.


Gurluşyk we kerpiç topary.

Gurluşyk we kerpiç toparynyň Kerpiç önümçiligi

Gurluşyk boýunça edara-kärhanalaryň, telekeçileriň, ilatyň sargytlaryna laýyklyka abatlaýyş-beşeriş işlerini geçirmek hem-de 5 gata çenli ýaşaýyş jaýyny gurmak gurmaga mümkinçiligi bar. Gurluşyk we kerpiç toparynyň Kerpiç önümçiligi üçin etraplaryň daýhan birleşikleriniň ekişke meýdançalarynyň çägindäki ýaplaryň gazuw işlerinden üýşürlen topraklary çig mal hökmünde ulanylýar hem-de keramiki kerpiç öndürmek işleri geçirlýär, sargytlar boýunça edara-kärhanalara, telekeçilere, hususy kärhanalara ýerlenilýär.


Gämi abatlamak we gämi gurluşygy boýunça önümçilik bölümi

"Derýaýollary” AGPJ-nyň Gämi abatlamak we gämi gurluşygy boýunça önümçilik

Derýaýollary” AGPJ-nyň Gämi abatlamak we gämi gurluşygy boýunça önümçilik bölüminde gaýry edara-kärhanalaryň, hususy kärhanalaryň we ilatyň sargytlary boýunça demir konstruksiýa önümlerini, lagym akabalaryny, oba hojalyk işleri üçin gurallary (ojak, pil, çarşak we ş.m), gurluşuk üçin niýetlenen dürli hili demir enjamlary ýasalýar. list, zolak, we sowuklygyna egreldilen progşfilli önümleri dürli ölçeglere laýyklykda taýýarlaýar. Gämilerde, Läbik, sorujylarda, uçanlarda ýeňil we düýpli abatlamak işleri geçirilýär. Kiçi gämileri, 4 adamlyk gaýyklary, läbik sorujylary gurmaga ukyply.