TKM
Derýaýollary
  • (+993)42236436
  • deryayollary@sanly.tm
DIL ÖWRETMEKDE INNOWASION TEHNOLOGIÝALAR

    Iýun.01.2024

Bilim ulgamyndaky öňe sürülýän meseleleriniň biri-de, ýaşlarymyzyň dil öwrenmek meselesidir. Adam bilimli bolmak üçin, dünýäniň ylymda, bilimde gazanan üstünliklerinden doly peýdalanyp bilmek, dünýä ülňülerine laýyk gelýän derejedäki hünärmen bolmak üçin dünýä dillerinden baş çykarmaly. Dil öwrenmek ýörelgeleri ýurdumyzyň orta we ýokary okuw mekdeplerinde giňden berjaý edilýär. «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» uly buýsanç bilen belläp bileris. Dünýä dillerini öwrenmek diňe bir bu ugurda bilim alýan hünärmenlere degişli bolup durman, eýsem, ähli ugurlarda bilim alýan ýaşlara we zähmet çekýän dürli ýaşdaky hünärmenlere hem degişlidir. Dünýä bilen aýakdaş gitmeli döwürde, has-da bilimiň we kompýuter tehnologiýalaryň kämilleşýän döwründe dünýä dillerini öwrenmek esasy orunda durýan wezipe hökmünde öňe çykýar. Innowasion tehnologiýalary ulanmak arkaly öwretmegiň täze usullaryna daýanylýar. Sanly ulgamyň barha durmuşymyza ornaşmagy täze mümkinçilikleri döredýär. Bu bilim bermekde, esasan dil öwretmekde hem şeýledir. Çünki dil öwretmekde innowasion tehnologiýalaryň möhüm ornunyň bardygyny bellemegimiz gerek. Kompýuterlerde dürli görkezmeler, audio ýazgylar daşary ýurt dillerini öwrenmekde oňat ýardam berýär. Şonuň üçin hem häzirki bagtyýarlyk döwrümizde innowasion tehnologiýalaryň mümkinçiliginden giňden peýdalanylýar. Häzirki wagtda dürli innowasiýa usullaryndan peýdalanmak arkaly ýurdumyzda iňlis, rus, nemes, arap, pars, hytaý, ýapon, hindi we beýleki diller öwredilýär. Daşary ýurt dillerini okadýan mugallymlaryň şeýle hem daşary ýurt dilini öwrenýän ýaşlaryň telewideniýe, internet, elektron kitaplar, el telefonlary we beýleki häzirki zaman tehnologiýalaryny giňişleýin peýdalanmaklary üçin ýurdumyzda giň mümkinçilikler bar. Çünki, häzirki döwürde bu innowasion enjamlar islendik adam üçin elýeterli. Häzirki zamanyň ösen tehnologiýalary dilçi mugallymyň iň ýakyn we ygtybarly kömekçisidir. Olary netijeli ulanmak biziň islendik işimiziň ilerlemegine düýpli goldaw berýär. Döwlet Baştutanymyz ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmeklerine we özleşdirmeklerine uly ähmiýet berýär. Sebäbi dil adamlaryň arasynda gatnaşyk saklamagyň hem-de pikiriňi beýan etmegiň esasy serişdesi bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, bilim bermegiň ähli basgançaklarynda daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny, okuwçylaryň sözleýiş medeniýetini kämilleşdirmäge, dil bilimi babatda täze usullary işläp taýýarlamaga we okuw işine ornaşdyrmaga gönükdirilen netijeli çäreler durmuşa geçirilýär.