“Derýaýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esasy wezipeleri Amyderýada derýa ulaglary bilen ýükleri daşamak, adam gatnatmak, derýa duralgalarynda ýükleri ýüklemek-düşürmek, derýa ulaglaryny gurnamak, abatlamak-bejermek, gurluşyk-gurnaýyş işlerini ýerine ýetirmek, gurluşyk materiallary bolan bişen kerpiji öndürmek, derýa çägesini gazyp almak we ýerlemek we ş.m. işlerden ybarat bolup durýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda “Derýaýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde Türkmenistanyň ulag pudagyny ösdürmekde uly sepgitler eýelendi. Ýagny onlarça her dürli derýa ulaglary guruldy, düýpli abatlanyp-bejerlip ulanyşa goýberildi. Adamlaryň durmuş üpjünçiligini kanagatlandyrmak üçin 16 otagly ýaşaýyş jaýy gurulyp ulanmaga berildi.
"Derýaýollary" AGPJ-niň zawodynda metallardan öndürilýan önümleri
Aýnalar üçin panjara
Kanalizatsiýanyň gapaklary
Mangal
"Derýaýollary" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň beton kerpiçleri