TKM
Derýaýollary
  • (+993)42236436
  • deryayollary@sanly.tm
«ÇaparPay»: ähli zerur tölegler bir programmada

    Awgust.20.2024

«ÇaparPay» mobil programmasy Türkmenistanda hyzmatlaryň töleglerini amatly we çalt geçirmek üçin täze mümkinçilikleri açýar. «ÇaparPay» bilen diňe bir ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulandygy üçin jerimeleri däl-de, eýsem, beýleki dürli tölegleri hem çalt we rahat geçirip bilersiňiz. Jemagat hojalygy üçin tölegleri tölemek, «Belet» platformasyndaky balansyňyzy doldurymak, «Älem TV» emeli hemra teleýaýlymyna abunaňyzy tölemek – bularyň ählisi birnäçe gezek düwmä basmak arkaly elýeterli boldy. Indi nobatlara durmak ýa-da bankomat gözlemek zerurlygy ýok. Mundan başga-da, bu programmada Türkmenistanyň içerki uçuşlar üçin awiabiletleri satyn almak üçin ýörite bölüm göz öňünde tutulypdyr. Munuň özi gezelençleri meýilleşdirmegiň has aňsatlaşandygyny we çaltlaşandygyny aňladýar. «ÇaparPay» mobil programmasyny işläp düzüjiler yzygiderli ony kämilleşdirmegiň üstünde işleýärler. «ÇaparPay-iň» interfeýsi örän düşnükli, bu bolsa her ulanyja ähli funksiýalara aňsatlyk bilen düşünmäge mümkinçilik berýär. Bu mobil programmany Google Play-den we App Store-dan ýükläp alyň hem-de onuň ähli aýratynlyklaryna baha beriň.