TKM
Derýaýollary
  • (+993)42236436
  • deryayollary@sanly.tm
Türkmenistanyň Prezidenti Estoniýa Respublikasynyň Prezidentini gutlady

    Awgust.26.2024

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle-de hut öz adyndan Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karise hem-de ýurduň halkyna iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi. Döwletlerimiziň arasyndaky gatnaşyklaryň birek-birege hormat goýmaga, deňhukuklylyga, özara ynanyşmaga esaslanýandygyny belläp, döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň hyzmatdaşlygyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini nygtady, onuň bilelikdäki tagallalaryň netijesinde iki halkyň bähbidine mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi. Hormatly Prezidentimiz mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Alar Karise tüýs ýürekden berk jan saglyk, bagtyýarlyk, abadançylyk, Estoniýanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de ösüş we rowaçlyk arzuw etdi.