TKM
Derýaýollary
  • (+993)42236436
  • deryayollary@sanly.tm
Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklady

    Sentýabr.25.2024

Türkmenistanyň Prezidenti Arkadag şäheriniň ähli ulgamlaryny sazlaşykly we durnukly ösdürmek, ilatyň ýaşamagyna, zähmet çekmegine, dynç almagyna gönükdirilen amatlyklary yzygiderli üpjün etmek, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak maksady bilen, Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasy tassyklanyldy. TDH-nyň habar bermegine görä, degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary we Arkadag şäheriniň häkimligi Konsepsiýanyň amala aşyrylmagyny üpjün etmeli.