TKM
Derýaýollary
  • (+993)42236436
  • deryayollary@sanly.tm
Türkmenistan BAE-niň «Burjeel Holdings» kompaniýasy bilen lukmançylyk syýahatçylygyny ösdürmegi maslahatlaşýar

    Awgust.03.2024

Türkmenistan BAE-niň iri lukmançylyk kompaniýasy bolan «Burjeel Holdings» bilen hyzmatdaşlyk meselelerini maslahatlaşýar. 1-nji awgustda Türkmenistanyň Birleşen Arap Emirliklerindäki ilçisi Serdarmammet Garajaýew «Burjeel Holdings» kompaniýasynyň halkara işewürligi ösdürmek boýunça menejeri Asif Asgarow bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň bu ýurtdaky diplomatik wekilhanasy habar berýär. Duşuşygyň dowamynda taraplar özara peýdaly boljak taslamalary durmuşa geçirmäge niýetlerini mälim etdiler. Duşuşygyň dowamynda taraplar lukmançylyk syýahatçylygy, näsaglary bejermegiň we olara hyzmat etmegiň innowasion ugurlarynda we beýleki ugurlarda tejribe alyşmagy, şeýle-de lukmanlaryň hünär derejesini kämilleşdirmek boýunça alyş-çalyş maksatnamalaryny döretmegi ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty senagaty ministrligi bilen «Burjeel Holdings» kompaniýasynyň arasynda hyzmatdaşlygy ýola goýamagy we aragatnaşyk kanallaryny döretmeklige aýratyn üns berildi. Duşuşykda iki tarap hem saglygy goraýyş pudagynda ösüşi we innowasiýalary güýçlendirmek maksady bilen hyzmatdaşlygy berkitmeklige aýratyn üns berjekdilerini nygtadylar.