TKM
Derýaýollary
  • (+993)42236436
  • deryayollary@sanly.tm
Etna dagy 22 metr ösdi

    Awgust.11.2024

Ýewropadaky iň işjeň wulkan — Etna (Italiýa) täze beýiklige eýe boldy. Onuň täze beýikligi — 3369 metr. Bu öňki rekord derejesinden 22 metr beýikdir. Ozal bu wulkanyň boýy 3347 metre deňdi. Bu beýiklik iýul aýynyň başynda bolup geçen birnäçe wulkan işjeňliginden soň emele geldi. 4-nji iýulda lawa atylandan soň, Woragine krateriniň gündogar gyrasy 3354 metre, 7-nji iýulda 3369 metre çykdy. Ölçegler dron arkaly geçirildi.