“Derýaýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti

1923-nji ýylda Türkmenabatda (öňki Çärjewde) Orta Aziýa Parahodçylygy döredilen. Parahodçylygyň gämileri suw ýoly arkaly 1,5 – 2,0 müň. km aralygynda halk hojalyk ýüklerini gatnadan. Bu Parahodçylyk Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Owganistan Islam Respublikasynyň arasynda hyzmat edipdir.

1992-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen Türkmenderýa Parahodçylygy döredilýär. 1998-nji ýylda “Türkmenderýaýollary” müdirligi diýip ady üýtgedilýär. 2003-nji ýylda “Türkmendeňizderýaýollary” müdirliginiň tabynlygynda “Derýaýollary” önümçilik birleşigi diýip atlandyryldy.

2021-nji ýylyň 1-nji iýunynda Türkmenistanyň Prezidentiniň karary esasnynda "Derýaýollary" önümçilik birleşigi, "Derýaýollary" açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine öwrüldi

“Derýaýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň esasy wezipeleri Amyderýada derýa ulaglary bilen ýükleri daşamak, adam gatnatmak, derýa duralgalarynda ýükleri ýüklemek-düşürmek, derýa ulaglaryny gurnamak, abatlamak-bejermek, gurluşyk-gurnaýyş işlerini ýerine ýetirmek, gurluşyk materiallary bolan bişen kerpiji öndürmek, derýa çägesini gazyp almak we ýerlemek we ş.m. işlerden ybarat bolup durýar.

Garaşsyzlyk ýyllarynda “Derýaýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde Türkmenistanyň ulag pudagyny ösdürmekde uly sepgitler eýelendi. Ýagny onlarça her dürli derýa ulaglary guruldy, düýpli abatlanyp-bejerlip ulanyşa goýberildi. Adamlaryň durmuş üpjünçiligini kanagatlandyrmak üçin 16 otagly ýaşaýyş jaýy gurulyp ulanmaga berildi.

“Derýaýollary” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetinde derýa ulaglary bilen Amyderýanyň 813 km hem-de Garagumderýanyň 200 km töweregi aralygynda ulag hyzmatyny ýerine ýetirýär. Şol sanda, Türkmenabat-Kerki, Zähmet-Zeýid aralygynda gurluşyk materiallaryny daşamak, gumsorujylary çekmek işlerini alyp barýar. Mundan başgada Türkmenistanyň nebit-gaz, ulag we aragatnaşyk, oba hojalyk pudagyna degişli wajyp ýükleri daşamak işleri bilen meşgullanýar.