TKM
Derýaýollary
  • (+993)42236436
  • deryayollary@sanly.tm
Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

    Awgust.28.2024

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşler mähirli salamlaşyp, Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň barha pugtalandyrylýandygyny kanagatlanma bilen bellediler. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda söwda-ykdysady, ýangyç-energetika ulgamlaryndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we ony ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şunda iki ýurduň üstaşyr ulag kuwwatynyň doly derejede ulanylmagynyň möhümdigine üns çekildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki wagtda hil taýdan täze derejä çykarylandygyny belledi hem-de özbek Liderine Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň salamyny ýetirdi. Dostlukly döwletiň Baştutany hoşniýetli sözler üçin hoşallyk bildirip, öz gezeginde, Türkmenistanyň Prezidentine mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirmegini türkmen halkynyň Milli Liderinden haýyş etdi. Gürrüňdeşligiň dowamynda ozal gazanylan ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişi, geljekde amala aşyryljak bilelikdäki taslamalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, jogapkärli işlerinde üstünlikleri, iki dostlukly ýurduň doganlyk halklaryna bolsa rowaçlyk, abadançylyk arzuw etdiler. Bu barada TDH habar berýär.