TKM
Derýaýollary
  • (+993)42236436
  • deryayollary@sanly.tm
Türkmenistan we Türkiýe strategik hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny maslahatlaşýar

    Iýun.13.2024

12-nji iýunda türkmen diplomaty M.Işangulýew Türkiýe Respublikasynyň daşary işler ministriniň orunbasary Nuh Ýylmaz bilen duşuşdy. Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçihanasynyň habar bermegine görä, duşuşykda taraplar döwletara gatnaşyklary pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri, şeýle-de syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugurlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljegini ara alyp maslahatlaşdylar. Halkara we sebit gün tertibiniň möhüm mesellerine hem aýratyn ähmiýet berildi. Diplomatlar BMG-niň we beýleki halkara düzümleriň çäklerinde özara bähbtili we deňhukukly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösüdrmeklige ygrarlydyklaryny bellediler. Duşuşygyň dowamynda görnükli türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli bilelikdäki çäreleri geçirmek bilen baglanyşykly meseleler hem ara alnyp maslahatlaşyldy.