TKM
Derýaýollary
  • (+993)42236436
  • deryayollary@sanly.tm
Ýaponiýada internetiň tizligi boýunça täze dünýä rekordy goýuldy

    Iýul.02.2024

Ýaponiýanyň Milli habar beriş we aragatnaşyk tehnologiýalary institutynyň alymlary işewürlik taýdan elýeterli optiki süýümi ulanmak arkaly maglumatlary ibermek boýunça dünýä rekordyny goýdular. Ol sekuntda 402 terabaýt bolup, Beýik Britaniýada giň zolakly internetiň ortaça tizliginden 5 million esse ýokarydyr diýip, «MIR 24» habar berdi. Şeýle tizlik bir sekuntda 12500 sany filmi ýüklemäge mümkinçilik berýär. Alymlar munuň üçin tolkunlaryň uzynlygynyň öň ulanylmadyk aralygyndan peýdalanandyklaryny habar berdiler. Alymlar topary rekordyň laboratoriýa şertlerinde goýlandygyny habar berdi. Bu ylmy barlaglary iş ýüzünde ulanmak üçin goşmaça synaglary geçirmek gerek bolar. Emma olar bu ölçegi ummandan aňry aralyga çenli giňeldip boljakdygyna umyt edýärler diýip, «The Independent» ýazýar.