TKM
Derýaýollary
  • (+993)42236436
  • deryayollary@sanly.tm
Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyrdy

    Awgust.03.2024

3-nji awgustda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Arkadag şäherine nobatdaky iş saparyny amala aşyrdy. Bu barada “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Irden Aşgabadyň Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow we Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa täze şäherde häzirki döwürde alnyp barylýan gurluşyk işleriniň depginleri, gurulmagy meýilleşdirilýän önümçilik toplumlarynyň taslamalary we olaryň ýerleşjek ýerleriniň çyzgylary barada türkmen halkynyň Milli Liderine hasabat berdiler. D.Orazow täze şäherde guruljak Çeper halyçylyk kärhanasynyň guruljak ýeriniň çyzgylary we toplumyň golaýynda ýerleşdiriljek binalar we kärhananyň beýleki desgalar bilen aradaşlygy barada hasabat berdi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy görkezilen taslamalara birnäçe belliklerini aýdyp, oňa degişli düzedişlerini girizdi. Soňra Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda guşuçar belentlikden Arkadag şäheriniň çäginde alnyp barylýan işleri, şäheriň binalarynyň ýerleşiş aýratynlyklaryny, ulag ýollarynyň hereketini synlady. Uçuşyň dowamynda Çeper halyçylyk kärhanasynyň ýerleşjek ýerini synlap, türkmen halkynyň Milli Lideri önümçilik toplumynyň gurluşyk işlerine, onuň enjamlaşdyrylyşyna bolşy ýaly, kärhananyň işiniň ekologiýa talaplaryna laýyk derejede ýola goýulmagyna möhüm ähmiýet berilmelidigini belledi we bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi. Aýratyn-da, önümçilik toplumlarynyň golaýynda ugurdaş desgalaryň ýerleşdirilmegi talabalaýyk bolar. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina ediljek lukmançylyk klasteriniň desgalarynyň ýerleşjek ýerlerini synlady. Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçarda Arkadag şäherine guran nobatdaky iş saparyny tamamlap, Aşgabadyň Halkara howa menziline geldi.