TKM
Derýaýollary
  • (+993)42236436
  • deryayollary@sanly.tm
Türkmenistan Gyrgyzystana we Özbegistana eksporty artdyrýar

    Iýul.12.2024

Gyrgyz Respublikasynyň Döwlet statistika gullugynyň habaryna görä, şu ýylyň birinji çärýeginde Gyrgyzystan bilen Türkmenistanyň arasyndaky daşary söwda dolanyşygy 20 million dollara ýetdi we 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 36% ýokarlandy. Bu barada «Bigasia» ýazýar. Gyrgyzystandan Türkmenistana eksport 5,2%, Gyrgyzystana türkmen harytlarynyň importy 38,1% ýokarlandy. Özbek statistika gullugy Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň 23% ýokarlandygyny we şol döwürde 455,5 million dollara ýetendigini habar berdi. Türkmenistandan Özbegistana eksport 36% ýokarlandy we 407,5 million dollar boldy. Türkmenistan Özbegistanyň söwda hyzmatdaşlarynyň arasynda 7-nji ýeri eýeledi diýlip, habarda bellenilýär.