TKM
Derýaýollary
  • (+993)42236436
  • deryayollary@sanly.tm
Intel ýitgili hasabatyndan soň 23 mlrd dollardan gowrak bazar bahasyny ýitirdi

    Awgust.04.2024

Elektron gurluşlary we kompýuter böleklerini işläp düzüji we öndüriji kompaniýa bolan Inter ýitgili maliýe hasabatyny hödürländen soň 23 mlrd dollardan gowrak bazar bahasyny ýitirdi. Kompaniýanyň paýnamalary NASDAQ-da geçirilen söwdanyň jemi boýunça 18,9% pese gaçyp, 23,56 dollara ýetdi diýip, Reuters ýazýar. Intel öz hasabatynda işgärleriniň 15%-den gowragyny azaltjakdygyny aýtdy, bu, takmynan, 17 500 işgäre deňdir, şeýle-de dördünji çärýekden başlap diwidend tölegini togtatjakdygyny belledi. 2024-nji ýylyň ikinji çärýeginde Intel-iň girdejisi 1%, 12,8 mlrd dollara çenli azaldy. Kompaniýa bir ýyl ozalky 1,4 mlrd dollar girdejä garşy 1,6 mlrd dollar möçberde arassa ýitgini hasaba aldy. Intel üçünji çärýekde girdejiniň $12,5-13,5 mlrd bolmagyna garaşýar, bu analitikleriň ortaça $14,35 mlrd çaklamasyndan pesdir. Şeýle-de, kompaniýa paý üçin $0,03 möçberde düzedilen ýitgini çaklaýar. Maliýe kynçylyklary bilen baglylykda, Intel 2025-nji ýylda öz operasion çykdajylaryny we kapital çykdajylaryny 10 mlrd dollardan gowrak azaldar. Trading View-iň maglumatlaryna görä, 1-nji awgustdaky esasy söwda sessiýasynyň jemi boýunça Intel-iň kapitalizasiýasy $123,67 mlrd boldy. 2024-nji ýylyň başyndan bäri kompaniýa bahasynyň 50%-den gowragyny ýitirdi. Bu döwürde S&P 500 indeksi tas 14% ýokarlandy.