TKM
Derýaýollary
  • (+993)42236436
  • deryayollary@sanly.tm
Daşkent şäherinde Türkmen-özbek işewürlik geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi

    Iýul.16.2024

15-nji iýulda Daşkent şäherinde Türkmen-özbek işewürlik geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi. Mejlisde türkmen wekiliýetine Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow, özbek tarapyna Özbegistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygynyň orunbasary D.Rasulow ýolbaşçylyk etdi. Mejlisiň dowamynda taraplar iki ýurduň söwda-ykdysady mümkinçiliklerini, hususan-da energetika, ulag, logistika, oba hojalygy, derman senagaty we syýahatçylyk pudaklarynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de, iki ýurduň Söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek meselelerine garaldy.