TKM
Derýaýollary
  • (+993)42236436
  • deryayollary@sanly.tm
Serdar Berdimuhamedow Gazagystana sapar bilen barar

    Awgust.06.2024

Kasym-Žomart Tokaýew Prezident Serdar Berdimuhamedowy Gazagystana sapar bilen gelmäge hem-de öňde Astanada boljak möhüm forumlara gatnaşmaga çagyrdy. Bu barada Gazagystanyň Baştutany 5-nji awgustda Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde aýtdy diýip, “Watan” habarlar gepleşiginde habar berildi. Bellenilip geçilişi ýaly, ýakyn günlerde Astanada Merkezi Aziýa ýurtlarynyň döwlet Baştutanlarynyň altynjy Konsultatiw duşuşygy hem-de “Merkezi Aziýa+Ýaponiýa” dialogyň birinji Sammiti geçiriler. Serdar Berdimuhamedow çakylyk üçin gazak kärdeşine minnetdarlyk bildirip, öňde boljak duşuşyklarda beýan ediljek başlangyçlaryň sebitde hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini kesgitlemäge ýardam berjekdigine ynam bildirdi we şol çäreleriň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi. Telefon arkaly söhbetdeşligiň dowamynda dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Bilelikdäki taslamalary, hususan-da, gaz, energetika pudaklarynda hem-de ulag-üstaşyr ulgamda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek meselesi giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem söhbetdeşligiň barşynda täze wehimleriň ýüze çykýan şertlerinde sebit derejesinde tagallalaryň utgaşdyrylmagynyň möhümdigi bellenildi. Şunda Türkmenistanyň sebitiň ähli döwletleri bilen dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna berk ygrarlydygy tassyklanyldy.