TKM
Derýaýollary
  • (+993)42236436
  • deryayollary@sanly.tm
Serdar Berdimuhamedow welaýatlarda alnyp barylýan möwsümleýin işler bilen gyzyklandy

    Iýul.23.2024

22-nji iýulda Prezident Serdar Berdimuhamedow wise-premýer T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda hem-de welaýatlarynda alnyp barylýan möwsümleýin işleriň barşy bilen bagly meselelere garaldy. Iş maslahatynyň barşynda wise-premýer we welaýatlaryyň häkimleri ýurdumyzda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat berdiler. Bellenilişi ýaly, welaýatlaryň galla oragyndan boşan meýdanlarynda sürüm we tekizleýiş işleri geçirilýär, ekiş möwsümi üçin ýokary hilli bugdaý tohumlary taýýarlanylýar. Ýurdumyzyň gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek hem-de ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Bu işler bilen bir hatarda, ýurdumyzyň welaýatlarynda ýeralmanyň, gök-bakja we beýleki azyklyk oba hojalyk ekinleriniň ekiljek ýerlerini hem-de tohumlaryny güýzki ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak boýunça taýýarlyk işleriniň, ýurdumyzyň gowaça meýdanlaryndaky ideg işleriniň talabalaýyk alnyp barylmagyny gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.